Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Maslahatlar merkezinde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy

23:5726.08.2020
0
6119

Şu gün — 26-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň günorta böleginde bina edilýän Maslahatlar merkeziniň binalar toplumynyň ýanyna geldi. Ol ýerde desganyň potratçysy bolup durýan «Buig Batiman Internasional» fransuz kompaniýasynyň wekili bu möhüm täze gurluşykdaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Milletiň Lideriniň garamagyna otaglaryň bezeg işleriniň taslamalary hödürlenildi — diýip, TDH ýazýar.

Türkmenistanyň Prezidenti taslamalar bilen tanşyp, işleriň barşyna ünsi çekdi hem-de olaryň ýokary hiliniň üpjün edilmeginiň, gurluşygyň bellenilen möhletlerde tamamlanmagynyň, ýanaşyk çäkleri talabalaýyk abadanlaşdyrmagyň hem-de bagy-bossanlyga öwürmegiň zerurdygyny nygtady.

Binalaryň içki bezeglerinde öňdebaryjy dünýä tejribesini işjeň ulanmak gerek, milli bezeg işleriniň hem-de bu ugurda häzirki zaman gazananlarynyň sazlaşykly utgaşmagyna üns berip, döwrebap tehnologik mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak gerek diýip, döwlet Baştutany aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda birnäçe tabşyryklary berdi.

Toplumy sanly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrmak meselelerine degip geçip, milletiň Lideri netijeli işlemek we köpçülikleýin çäreleri, ýokary guramaçylyk çärelerini geçirmek üçin hemme şertleriň döredilmegine ulgamlaýyn çemeleşilmelidigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow degişli görkezmeleri berip, Maslahatlar merkeziniň paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik keşbi bilen sazlaşykly utgaşmalydygyny hem belledi.

Döwlet Baştutany binanyň gurluşygy we içki bezegi bilen tanşyp, maslahatlary hem-de giňişleýin mejlisleri geçirmek üçin niýetlenen zala baryp, onuň enjamlaşdyrylyşy bilen gyzyklandy. Şeýle hem milletiň Lideri ýokary derejeli duşuşyklara niýetlenen zala baryp, onda döredilen şertleriň döwrüň talabyna doly kybap gelmelidigini nygtady.

Döwlet Baştutany zalyň enjamlaşdyrylyşyna we umuman möhüm çäreleri geçirmäge, olara gatnaşyjylaryň netijeli işlemegine iň oňaýly mümkinçilikleriň döredilmegine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň