Soňky habarlar

Arhiw

Eýran türkmen gazyny täzeden satyn almaga taýýardygyny mälim etdi

20:3526.08.2020
0
1187

Eýran häkimiýetleri türkmen gazyny satyn almaga dowam etmek isleýändiklerini aýtdy. MEHR habar gullugynyň habaryna görä, bu 24-nji awgustda Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň (NIGC) başlygy Hasan Montazer Torbati tarapyndan birnäçe iri Eýran gaz taslamasynyň açylyş dabarasynda yglan edildi.

Ol üstünlikli gepleşikler geçirilen halatynda Eýran tarapynyň Türkmenistandan mawy ýangyç importy barada şertnamalara gol çekmäge taýýardygyny aýtdy. Torbati ýurtlaryň energetika pudagynda hyzmatdaşlygy dowam etdirip biljekdigine umyt bildirdi.

 “Türkmengaz” Döwlet konserni 2017-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri Eýrana tebigy gaz ibermegi bes etdi. Munuň esasy sebäbi bolsa,  Tähranyň 2007-nji we 2013-nji ýyllar aralygyndaky import üçin Türkmenistana bergisiniň barlygydyr. Netijede, 2018-nji ýylyň 15-nji awgustynda türkmen tarapy Eýranyň karzlaryny tölemeýändigi üçin Halkara Arbitiraž Kazyýetine ýüz tutdy. Kazyýet işiniň netijesine görä, Eýran şikaýatça takmynan 2 milliard dollar tölemeli edildi.

Jedelli ýagdaýdan ozal Eýran Yslam Respublikasyna her gün 23 million kub metr türkmen gazy iberilýärdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň