Awstriýanyň ilçisi Türkmenistandaky diplomatik wezipesini tamamlady

20:5825.08.2020
0
6019

25-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň özüniň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Nur-Soltan ş.) Gerhard Saýller bilen  telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi — diýip, daşary syýasat edarasynyň resmi saýty habar berýär.

Söhbetdeşligiň barşynda ministr türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy ugrundaky netijeli işi we ähmiýetli goşandy üçin Ilçä minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.

Mälim bolşy ýaly, iki ýurduň arasynda saldamly şertnama-hukuk binýady bar, şeýle-de parlamenatara gatnaşyklary, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlar ýaly ileri tutulýan ugurlarda işjeň hyzmatdaşlyk saklaýarlar. Şol bir wagtyň özünde Awstriýa-Türkmen Jemgyýeti netijeli hereket edýär, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda akademiki gatnaşyklar hem sazlaşykly ýola goýuldy.

Ilçi G.Saýller öz gezeginde Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde beren hemmetaraplaýyn goldawy üçin türkmen tarapyna minnetdarlygyny bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň