Soňky habarlar

Arhiw

«Köpetdag» düzümine üç futbolçy goşdy

16:0425.08.2020
0
4602

Paýtagtymyzyň “Köpetdag” topary Türkmenistanyň futbol çempionatynyň üçünji aýlawynyň öňüsyrasy düzümine üç oýunçy geçirdi — diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Olaryň ilkinjisi “Ahal” toparynyň ýarym goragçysy Yhlas Saparmämmedow. Beýleki ikisi bolsa ýaş oýunçylar Şamämmet Agamämmedow bilen Abdymejit Hajyýew.

Ýeri gelende bellesek, futbol çempionatymyzyň birinji aýlawyndan soň 20 utuk toplan “Köpetdag” ýaryş tertibinde dördünji basgançagy eýeleýär.

Paýtagtymyzyň topary üçünji aýlawyň ilkinji tapgyrynda (XV tapgyr) öz meýdançasynda Mary şäheriniň “Energetigi” bilen duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň