Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrine nägilelik bildirdi

23:1524.08.2020
0
16743

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýewiň işine nägilelik bildirdi — diýip, TDH-nyň habarynda aýdylýar.

24-nji awgustda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynda ministr möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, pagta ýygymyna we güýzlük bugdaý ekişine görülýän taýýarlyk, ýurdumyzda maldarçylyk pudagyny ösdürmek babatda öňde goýlan möhüm wezipeleri durmuşa geçirmekde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, oba hojalygyny, aýratyn-da, maldarçylyk pudagyny mundan buýana hem okgunly ösdürmek babatda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde, hususan-da, mallar üçin ot-iýmleri taýýarlamak işini talabalaýyk ýola goýmakda kemçiliklere ýol berilýändigi üçin ministriň alyp barýan işine düýpli nägilelik bildirdi hem-de möhüm maksatnamalarda kesgitlenen wezipeleri çözmäge aýratyn jogapkärli çemeleşmegi we degişli çäreleri görmegi talap etdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda ot-iýmleri ösdürip ýetişdirmek üçin ýer böleklerini bölüp bermek, mallar üçin ätiýaçlyk ot-iým binýadyny döretmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak boýunça çäreleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň obasenagat toplumynyň önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedigini belläp, bu babatda ministre we welaýatlaryň häkimlerine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň