Donald Tramp Berdimuhamedowa hat ýollady

23:5222.08.2020
0
93892
Donald Tramp Berdimuhamedowa hat ýollady

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trmpdan hat gelip gowuşdy geldi, onda amerikan Lideri ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 244 ýyllygy bilen gutlandygy üçin türkmen Liderine minnetdarlyk bildirilýär.

Hatda şeýle ýazylýar: «Amerikan halkynyň adyndan ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň iki ýüz kyrk dört ýyllygy mynasybetli iberen gutlag sözleriňiz üçin Size hoşallyk bildirmäge rugsat ediň. 4-nji iýul Amerikanyň Birleşen Ştatlary üçin amerikan halkynyň taryhyna hem-de biziň buýsanýan demokratik we azatlyk ugrundaky däplerimize biziň gatnaşyklarymyzyň nukdaýnazaryndan aýratyn möhüm senedir.
Biz Garaşsyzlyk gününi baýram etmek bilen, Amerikanyň taryhynda ýaşaýyş, azatlyk we bagta ymtylmak baradaky aýrylmaz hukuklary kepillendirmegiň hatyrasyna özlerini pida edenlere hormatymyzy bildirýäris.
Biz hemişe dostlarymyz we pikirdeşlerimiz bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyzyň pugtalandyrylmagyna ymtylýarys hem-de gymmatlyklarymyzyň we maksatlarymyzyň geljekde ýüze çykyp biljek islendik kynçylyklaryň öňünde bilelikde işlemek üçin ylham çeşmesi bolup hyzmat etjekdigine ynanýarys. Şeýle hem biz dünýäniň ähli adamlary üçin parahatçylygyň, gülläp ösüşiň we sagdynlygyň gazanylmagyny maksat edinýäris.» 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň