Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň "Halkbank" döwlet täjirçilik banky töleg terminallarynyň ornuny tutyp biljek täze programma döretdi

11:1922.08.2020
4
27802

"Halkbank terminaly" - "Halkbank" Döwlet täjirçilik banky tarapyndan işe girizilen ykjam programma bolup, smartfonyňyzy aragatnaşyksyz tölegler üçin POS terminaly hökmünde ulanmaga mümkinçilik berýär.

Bu hyzmat ariasoft platformasynda işlenip düzülen we adaty terminalyň ähli wezipelerini ýerine ýetirip bilýän ykjam programma. Bu programmany smartfonyňyza gurnamak arkaly satyn almak we hyzmatlar üçin nagt däl tölegleri bary-ýogy birnäçe düwmä basyp amala aşyrmak bolýar.

Programma hem müşderiler hem satyjylar üçin amatlydyr, sebäbi ýörite enjam satyn almaga zerurlyk ýok. Programmanyň amallary ýatyrmak, amallary yzyna gaýtarmak we töleg taryhyny görmek ýaly wezipeleri hem bar.

Hünärmenleriň pikiriçe, bu hyzmat nagt däl tölegleriň ulanylyşynyň giňelmegine goşant goşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
aleksandr12 ( 16.03.2021 )

şu terminaly nirden ýukiäp bolýar

0
resuldovlet ( 17.03.2021 )

https://play.google.com/store/apps/details?id=ru.bpc.mobilebank.halkbank3 Google play-de bar

0
aleksandr12 ( 19.03.2021 )

mobilebankig bilen halkbank terminalyň tapawudyny bilýäňmi ýa ýöne ýazyp goyberýäňmi .

0