Soňky habarlar

Arhiw

Gyrgyzystan Türkmenistanyň raýatlary üçin serhetini açýar

11:5422.08.2020
0
28336

Gyrgyz Respublikasynyň Hökümeti dünýäniň 31 ýurduna ýurda girmäge rugsat berdi. Ol sanawda Türkmenistan hem bar.

Raýatlary Respublikasyna girip bilýän döwletleriň sanawyna Russiýa, Gazagystan, Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Jorjiýa, Aziýanyň we Ýewropanyň käbir beýleki döwletleri girýär. Bu karar bu ýurtlarda ýiti ýokanç keseliň derejesiniň peselmegi bilen düşündirilýär.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň habaryna görä, biziň ýurdumyzda koronawirus ýokaşmasy bilen baglanyşykly ýekeje-de ýagdaý hasaba alynmandy we amatly epidemiologiki ýagdaýynda galýar.

Gyrgyzystan koronawirusyň dünýäde ýaýramagy sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýynda serhetlerini ýapdy. Diňe diplomatlara we resmi wekiliýetlere girmäge rugsat berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň