Şu ýyl Türkmenistanda 160 müňe golaý çaga birinji synpa okuwa barar

13:2121.08.2020
0
1249

Şu okuw ýylynda Türkmenistan boýunça 159 müň 374 çaganyň birinji synpa okuwa gelmegine garaşylýar ― diýip, «Mugallymlar gazeti» gazeti habar berýär.

Olaryň ählisine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan kompýuterler sowgat berler. Mähriban Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, Bilim ministrligi Türkmenistanda öndürilen degişli mukdardaky kompýuterleri satyn almak, olary 2020-nji ýylyň awgustyna çenli bilim edaralarynda gurnamak hem-de olara tehniki hyzmat etmek barada Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Kompýuter tilsimaty merkeziniň «Agzybirlik tilsimaty» kärhanasy bilen şertnama baglaşdy.

Bular barada düýn Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika isntitutynda geçirilen bilim işgärleriniň maslahatynda habar berildi diýip, neşir ýazýar.

Wagtlaýyn geçirilýän çäreler sebäpli, birinji synp okuwçylarynyň okuw sagatlarynyň 25 minutdan ybarat boljakdygyny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň