"Ahal" düzümini bäş futbolçy bilen güýçlendirdi

13:1321.08.2020
1
6656

Futbol boýunça Türkmenistanyň wise-çempiony “Ahal” topary futbol çempionatymyzyň, ýaşlar birinjiligimiziň hem-de futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň oýunçylarynyň bäşisini düzümine geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berdi.

Futbol çempionatymyzyň üçünji aýlawynyň öňüsyrasy “Ahalyň” düzümine “Aşgabadyň” oýunçylary Süleýman Orazow bilen Baýjan Satlykow, “Merwiň” ýarym goragçysy Şanazar Tirkişow hem-de “Köpetdag” futzal klubunyň oýunçysy Allamyrat Kurbanow goşuldylar. “Ahalyň” ýaşlar düzüminiň oýunçysy 21 ýaşly Orazgeldi Seýidow hem  hünär ýoluny “Ahalda” dowam eder.

Mundan öň «Köpetdag» hem-de «Aşgabat» toparlarynyň öňki tälimçisi Said Seýidow «Ahalyň» baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini habar beripdik.

58 ýaşly hünärmen bu wezipede Hojaahmet Arazowyň ornuna geldi. H.Arazow bolsa «Ahalda» bäş tälimçiniň kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetirer.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň futbol çempionatynyň birinji ýarymyndan soň 31 utuk toplan «Ahal» ýaryş tertibinde ikinji basgançagy eýeleýär.

Futbol çempionatymyzyň üçünji aýlawynyň ilkinji oýnunda «Ahal» Balkanabadyň «Nebitçisini» kabul eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Jumamyrat ( 28.08.2020 )

Алламурад Курбанов перешёл с команды "Дайханбанк", а не с "Копетдаг"

0