Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Eýran ýokanç kesellere garşy göreşmekde tagallalary birleşdirer

12:2520.08.2020
0
8924

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Eýran Yslam Respublikasynyň halkara meseleler boýunça saglygy goraýyş ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Asadi-Lariniň ýolbaşçylygynda Eýranyň saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri bilen wideomaslahat görnüşinde duşuşyk geçirildi.

COVID-19 pandemiýasy zerarly dünýäde emele gelen ýagdaýy nazara almak bilen, ýiti ýokanç keselleriň öňüni almakda we olaryň ýaýramagyna garşy göreşmekde tejribe alyşmak meselesine aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň bu ugurda tejribesi barada aýdylyp, halkara bileleşik tarapyndan ykrar edilen resminamalaryň milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylan işleriň netijesi bolandygy bellenildi. Şol resminamalar ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almakda we olara garşy göreşmekde we olaryň öňüni almakda döwletimiziň gazanan ýokary derejesini tassyklaýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy diplomatiýa ugry boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, alym-lukmanlaryň, bilermenleriň hem-de beýleki ugurlar boýunça hünärmenleriniň pikirlerini yzygiderli alyşmagy üçin şertleri döretmek maksadynda Alym-lukmanlaryň halkara Geňeşini döretmek barada öňe süren başlangyçlary derwaýys bolup durýar.

Şeýle hem duşuşygyň barşynda saglygy goraýyş ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň beýleki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň