Soňky habarlar

Arhiw

Finalda PSŽ bilen “Bawariýa” duşuşar

10:2720.08.2020
0
5302

UEFA Çempionlar ligasynda finalyň ady belli boldy. Geçirilen beýleki ýarym finaldan soň, garaşylýan  topar finala çykmagy başardy. Ýagny “Bawariýa” topary Fransiýanyň “Lion” klubundan 3-0 üstün çykyp, 7 ýyldan soň finala çykdy. Oýnuň ilkinji minutlarynda “lionly” futbolçylar birnäçe amatly pursatlary elden giderdi. Ýöne “Bawariýa” ilkinji howply pursatda hasaby açmagy başardy. 18-nji minutda Serge Gnabri batly urgy bilen topary derwezä girizdi. Ol 33-nji minutda ýene bir ýola tapawutlanyp, hasaby 2-0-a ýetirdi. Oýnuň 1-nji ýarymy şu hasap bilen tamamlandy. 2-nji ýarymda-da oýnuň soňky minutlaryna çenli hasap üýtgemedi. Duşuşygyň 88-nji minutynda möwsümiň iň netijeli oýunçysy Robert Lewandowski 15-nji goluny derwezä girizdi. Şeýlelikde, 3-0 hasabynda ýeňşini baýram eden “Bawariýa” 11-nji gezek finala çykyp, bu ugurda 2-nji hatardaky “Milan” bilen deňleşdi. 5 gezek kubogy eýelän “Bawariýa” ýekşenbe günki finalda PSŽ bilen duşuşar.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň