Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Konstitusion toparynyň jemleýji mejlisi geçirildi

23:5519.08.2020
0
8081

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wideomaslahat görnüşinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň mejlisini geçirdi. Bu topar döwlet Baştutanynyň geçen ýylyň sentýabr aýynda gol çeken Permanyna laýyklykda döredildi ― diýip, TDH ýazýar.

Milletiň Lideri mejlisi açyp hem-de Konstitusion toparyň agzalaryna ýüzlenip, 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň durmuşynda aýratyn möhüm wakanyň, ýagny Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň bolup geçendigini belledi, onda ýurdumyzda konstitusion özgertmeleriň täze tapgyryna badalga berildi, Garaşsyz Watanymyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek barada başlangyç öňe sürüldi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion topar döredildi, geçen ýylyň 4-nji oktýabrynda onuň birinji mejlisi geçirildi.

Şondan bäri Konstitusion toparyň üç mejlisi geçirildi diýip, döwlet Baştutany belledi.

Soňra Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy A.Serdarowa söz berdi.

Ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan çykyş eden TDP-niň ýolbaşçysy «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Konstitusion kanunyň taslamasyny ara alnyp maslahatlaşmagyň barşynda raýatlaryň müňlerçesi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň demokratik döwletiň, raýat jemgyýetiniň binýatlaryny berkitmäge gönükdirilen özgertmelere çuňňur buýsançlaryny beýan edip, öz pikirlerini we tekliplerini aýtdylar diýip belledi.

Adalat ministri B.Muhamedow ministrlik tarapyndan Türkmenistanyň Mejlisinde döredilen iş toparynyň garamagyna milli we dünýä tejribesini öwrenmek, umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalary esasynda taýýarlanylan teklipleriň hödürlenendigini habar berdi.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowanyň aýdyşy ýaly, Esasy Kanunymyzdan 1 maddany aýyrmak, 3 maddany goşmak we 27 madda degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek teklip edilýär.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Parlamentiň iki palataly gurluşyny döretmek, onuň palatalaryny Halk Maslahaty we Mejlis diýip atlandyrmak baradaky teklibiň hem giň goldawa eýe bolandygyny belledi.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň Prezidentiniň bu mejlisde eden çykyşy «Turkmenportalyň» aýratyn habarynda dolulygyna berildi.

Mejlisiň ahyrynda döwlet Baştutany «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyny makullamak we Türkmenistanyň Halk Maslahatyna hödürlemek hakyndaky» Konstitusion toparyň kararyna gol çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň