“Barselonanyň” täze tälimçisi belli boldy

17:4919.08.2020
0
3378

“Bawariýadan” 8–2 asgyn gelen “Barselonada” tälimçi Kike Setien düýn wezipesinden boşadylypdy. Bu gün toparyň ýolbaşçylary täze tälimçini mälim etdiler. Şeýlelikde, katalonlar golland tälimçisi Ronald Kuman bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşylandygyny resmi ýagdaýda habar berdiler. 2018-nji ýyldan bäri Niderlandlaryň ýygyndysy tälimçilik edip gelýän 57 ýaşly Kuman bu barada: Bu meniň arzuwym diýip çykyş etdi. 1989-1995-nji ýyllar aralygynda “Barselonanyň” köýnekçesini geýen ýyldyz goragçy 1998-2000-nji ýyllarda “Barselonada” kömekçi tälimçi bolup işledi. Futbolçylyk karýerasynda “Groningen”, “Aýaks”, PSW, “Barselona” hem-de “Feýenoord” toparlarynda oýnan Kuman tälimçilige “Witessede başlady (2000). Soňlugy bilen “Aýaks”, “Benfika”, PSW, “Walensiýa”, AZ, “Feýenoord”, “Southempton”, “Ewerton” klublaryna tälim berdi. Futbol taryhynyň iň köp gol geçiren goragçysy hökmünde tanalýan Kumanyň öweztölegi hökmünde “Barselona” topary Niderlandlaryň ýygyndysyň tälimçiligi şertnamasyny ýatyrmak üçin Niderlandlaryň futbol federasiýasyna 4–5 million ýewro berer.

Şeýle-de “Barselonada” sport direktory Erik Abidalyň ornuna Ramon Planes wezipä bellenildi. Planes soňky gezek “Hetafe” toparynda şol wezipäni ýerine ýetiripdi.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň