Soňky habarlar

Arhiw

Rus uniwersitetleri daşary ýurtly talyplaryna sapaklara onlaýn gatnaşmaga mümkinçilik döreder

16:1119.08.2020
1
23359

Döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda halkara ýolagçy gatnawlarynyň çäklendirilmegi sebäpli, Russiýanyň uniwersitetlerinde 1-nji sentýabrda okuwlaryny başlap bilmeýän daşary ýurtly talyplar, bu çäklendirmeler ýatyrylýança uzakdan okamaga mümkinçilik alýarlar ― diýip, «Interfaks» Russiýanyň Bilim we ylym ministrligine salgylanyp ýazýar.

Şeýlelik bilen, Moskwa döwlet uniwersiteti daşary ýurtly talyplaryň 1-nji sentýabrdan uzakdan okap başlajakdygyny we serhetler açylandan soň doly okuw režimine geçip biljekdigini habar berdi. 

Ministrligiň habaryna görä, Russiýa Federasiýasyna gelip, doly okuwy başlajak daşary ýurt raýatlary 14 günlük karantin düzgünine eýermeli bolar. Şeýle hem ol  täze koronawirus keseliniň ýokdugyny tassyklaýan kepilnamany almaly bolar.

2019/20-nji okuw ýylynda Russiýada 297 993 sany daşary ýurtly talyp okady. Olaryň köpüsi Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Hytaýyň, Täjigistanyň, Ukrainanyň, Hindistanyň, Belarusyň, Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň raýatlarydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Dowletyar71 ( 20.08.2020 )

okuwyn tolegini nadip tolemeli

4