Soňky habarlar

Arhiw

«Galam» internet dükanynyň mobil programmasy işläp başlady

16:0019.08.2020
0
9380

Ýakynda «Galam» internet dükanynyň mobil enjamlar üçin niýetlenen programmasynyň işi ýola goýuldy.  Bu programmanyň maksady Türkmenistanda  kanselýar we beýleki harytlary onlaýn satyn almakda müşderilere ýeňillik döretmekden ybaratdyr.

Häzir şeýle mümkinçiligi «Galam» internet dükany hödürleýär. Döwrebap hyzmatlarynyň netijesinde soňky döwürlerde meşhurlygy has artan bu internet dükanynda tölegleriň islendik görnüşi kabul edilýär.

Ýeri gelende aýtsak, «Galamda» harytlaryň görnüşleri gün-günden köpelýär. «Galam» onlaýn tertibinde işleýän mekdep bazarlarynyň hataryndan hem ynamly orun aldy.

«Galam» internet dükanynyň mobil enjamlar üçin programmasyny ýükläp almak üçin şu salgydan peýdalanyp bilersiňiz.

Doly maglumat almak üçin dükanyň resmi web saýty şu salgyda ýerleşýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň