Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri parlamentleriň zenan ýolbaşçylarynyň onlaýn sammitine gatnaşdylar

21:2118.08.2020
0
2972
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri parlamentleriň zenan ýolbaşçylarynyň onlaýn sammitine gatnaşdylar

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary hem-de deputatlary Parlamentara bileleşiginiň agzasy bolan ýurtlaryň parlamentleriniň zenan-ýolbaşçylarynyň 13-nji sammitine gatnaşdylar. Wideomaslahat görnüşinde geçirilen iki günlük forum Parlamentara bileleşigi tarapyndan Awstriýanyň parlamenti hem-de Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde guraldy ― diýip, TDH habar berýär.

Forumyň gün tertibine gender deňligi, zenanlaryň ykdysady, durmuş, medeni hukuklaryny we maliýe mümkinçiliklerini giňeltmek, COVID-19 pandemiýasynyň durmuş-ykdysady täsirini azaltmak boýunça ýurtlaryň özara gatnaşyklary bilen bagly meseleler girizildi.

Türkmen tarapynyň wekilleri halkara we parlamentara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler. Munuň özi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan netijeli syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Milletler Bileleşiginiň işjeň agzasy bolmak bilen, häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň çözülmegine işjeň gatnaşýandygy bellenildi.

Forumyň barşynda parlamentara hyzmatdaşlygyň orny hem-de wezipeleri barada-da pikir alşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine ýokary baha berip, bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmalydygyny bellediler, munuň özi durnukly ösüş ulgamynda ählumumy meseleleri çözmegiň netijeli gurallaryny işläp taýýarlamaga ýardam berer.

Şu gezekki duşuşyga Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň gatnaşmagy parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de halkara guramalary, ilkinji nobatda, BMG bilen Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerine laýyklykda yzygiderli, anyk maksatlara gönükdirilip amala aşyrylýan hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýolunda ýene bir netijeli ädim boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň