Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistanyň çempionaty: Arslanmyrat Amanowyň topary ýeňilmezlik tapgyryny 10 duşuşyga çykardy

13:2618.08.2020
0
3240

Almalyk şäheriniň AGMK futbol topary Özbegistanyň Superligasynyň şu möwsüminde ýeňilmezlik tapgyryny 10 duşuşyga çykardy. Şeýlelikde, AGMK bu netijäni gazanan ilkinji topardyr. Hatda çempionlyk ýaryşyndaky esasy bäsdeş bolan «Pahtakorda» hem bir utulyş bar.

10 duşuşykda 24 utuk toplan AGMK şol duşuşyklaryň 7-sinde ýeňiş gazandy, 3 duşuşykda bolsa deňme-deň oýnap, garşydaşlary bilen utuk paýlaşdy. AGMK yzda galan duşuşyklarda garşydaş derwezelere 16 pökgi geçirip, öz derwezesine 7 pökgi geçirtdi.

Türkmenistanly ýarym goragçy Arslanmyrat Amanow toparyň geçiren gollaryna iki pökgi bilen goşant goşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň