Soňky habarlar

Arhiw

“Barselona” 74 ýyldan soň 8 gol geçirtdi we beýleki statistikalar

12:3715.08.2020
0
1744

“Barselonanyň” “Bawariýadan” 8–2 utulyp, ýaryşdan çykmagy taryhy waka boldy. Katalonlar bu duşuşykda birnäçe antirekord netije “gazandylar”. Mysal üçin, olar Çempionlar ligasynyň taryhynda 1 duşuşygyň 1-nji ýarymynda ilkinji gezek derwezelerine 4 gol goýberdiler.

* “Barselona” 1946-njy ýyldan soň, 1 duşuşykda 8 pökgi geçirdi. 1946-njy ýylda Ispaniýanyň Kubogy ýaryşynyň 1/16 finalynda “Sewilýadan” 8-1 ýeňlipdi.

* “Bawariýanyň” şu möwsümde geçiren gollarynyň sany 155-e ýetdi. Bu olaryň rekordy bolup, ozalky rekordlary 152 goldy (1972/73).

* Oýunda 2 gol geçiren Tomas Mülleriň “Barçanyň” torundan girizen gollarynyň sany 6-a ýetdi we bu islendik futbolçynyň görkezijisinden ýokarydyr.

* Geçen möwsümde-de “Tottenhamy” 7–2 ýeňen “Bawariýa” Çempionlar ligasynda 1 duşuşykda ilkinji ýola 8 gol geçirdi.

* Şeýle-de bu duşuşykda geçirilen 10 gol Çempionlar ligasynyň taryhyndaky iň köp golly 3-nji duşuşyk diýlip hasaba alyndy. 1-nji ýerde “Borussiýa Dortmund”–“Legia Warşawa” duşuşygy bolup, oýun 8-4 hasabynda tamamlanypdy. 2-nji hatarda “Monako”–“Deportiwo” oýny bolup, bu duşuşyk 8-3 hasaby bilen netijelenipdi.

* “Barselona” 2007/2008 möwsüminden soň, ilkinji gezek bir möwsümi kuboksyz tamamlar.

* UEFA Çempionlar ligasynda soňky 14 ýylda ýarym finalda ne Kristiano Ronaldo bar, ne-de Lionel Messi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň