Soňky habarlar

Arhiw

Kamerasy aşakda ýerleşer

12:2015.08.2020
0
981

Smartfonlarda ilkibaşda peýda bolan barmagyň yzyny okaýan sensor aýratyn düwmede ýerleşýärdi. Bu sensorlaryň ekrany ýüzüne geçirilmegi bilen gysga wagtda diňe premium derejeli däl, eýsem, orta derejeli telefonlara hem geçirildi. Indi bolsa, telefonlaryň selfi kamerasynyň aşakda ýerleşdiriljekdigi aýdylýar. Ekran sensory aşakda ýerleşýän ilkinji telefon “ZTE Axon 20 5G” bolar. Häzirki wagtda kompaniýalar ýüzüni tutuşlygyna ekran gaplaýan, ýagny hiç hili çarçuwasy bolmadyk smartfonlary öndürmek üçin bäsdeşlik edýärler. Bu telefonlarda hatda selfi kamerasy hem ekranyň ýüzüne ýerleşdirilip, görünmez ýaly edilýär. “ZTE Axon 20 5G” telefonyndan bu tehniki aýratynlyklaryň ählisiniň bolmagyna garaşylýar. Kompaniýanyň Mobil enjamlar boýunça başlygy Ni Fei bu barada maglumat berdi. Telefonyň haçan çykjakdygy we bahasy aýdylmady. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň