Soňky habarlar

Arhiw

“Motorola Razr 5G”-niň çykjak wagty belli boldy

12:0715.08.2020
0
970

“Motorola”-nyň eplenýän ekranly “Razr” smartfonynyň 5G-li görnüşiniň çykjak wagty mälim edildi. Kompaniýanyň eplenýän ekranly ozalky modeli 1500 dollardan satuwa çykarylypdy. Kompaniýa 5G aýratynlygy bolan “Razr”-y 9-njy sentýabrda satuwa çykarar. Ozalky modelde bolşy ýaly dikligine eplenýän telefon has owadan görner. Daş tarapyndan goşmaça ekrany bolan telefon “Snapdragon 865” mikroprosessoryndan güýç alýar.
Häzirki “Motorola Razr”-yň 6,2 dýuým 21:9 ölçegindäki OLED ekranynyň durulygy 2142×876 piksele deň. Şeýle hem telefonyň daş tarapynda 2,7 dýuýmlyk 600×800 piksel durulygynda has kiçi ekrany bar.

Ýeri gelende aýtsak, bu telefon 2004-nji ýylda çykarylan “Razr V3” modeline meňzedilip ýasaldy. “Razr V3” dikligine açylyp ýapylýan häsiýetde bolup, açylanda onuň aşaky tarapyndan fiziki düwmeleri bardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň