Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti sagdynlyk ýörelgeleri baradaky wagyz-nesihat işlerini güýçlendirmegi tabşyrdy

09:3815.08.2020
0
27379

Sagdyn iýmitlenmek, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmak boýunça alnyp barylýan wagyz-nesihat işleri häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda güýçlendirilmelidir.

Şoňa görä-de, 14-nji awgustda geçirilen Hökümet mejlisinde milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bu işleriň alnyp barlyşyny düýpli seljermek, ýagdaýy düzetmek üçin zerur çäreleriň görülmelidigine ünsi çekip, wise-premýerden ýagdaýy düýpli seljermegi hem-de işleri talabalaýyk ýola goýmak üçin ähli zerur çäreleri görmegi talap etdi.

Döwlet Baştutany şeýle hem zyýansyzlandyryş serişdelerini çekmek boýunça işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin tebigy ýagdaýlaryň zyýanly täsiriniň öňüni almak hem-de howply ýokançlara garşy göreşmek maksady bilen, ylmy-barlag işleriniň geçirilmegini dowam etdirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň