Aşgabatda Geomaglumatlar merkezi dörediler

23:2014.08.2020
0
7843

14-nji awgustda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda Geomaglumatlar merkezini döretmek, şäherlerde sanly ulgamy ornaşdyrmak işlerine girişmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

TDH-nyň habarynda hem ýazylyşy ýaly, milletiň Lideriniň belleýşi ýaly, bu işe paýtagtymyz Aşgabat şäherinden başlamak gerek. Inžener ulgamlary, binalar we ýer bölekleri hem sanlylaşdyrylmalydyr, şäheriň 3D nusgasyny döretmek boýunça işler alnyp barylmalydyr.

Geomaglumatlar merkeziniň döredilmegi inžener ulgamlaryna düşýän agramy kesgitlemäge mümkinçilik berer. Şäher gurluşyk işlerini çaklamaga hem-de modelleşdirmäge, boş ýer bölekleriniň möhüm binýadyny döretmäge ýardam eder diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi. Munuň özi şeýle hem ýer böleklerini aýawly peýdalanmakda, olaryň maksadalaýyk ulanylmaýandygyny ýüze çykarmakda we beýleki işleri geçirmäge şert döreder diýip, hormatly Prezidentimiz wise-premýere bu ugurda zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň