Soňky habarlar

Arhiw

2021-nji ýylda Türkmenistanda 1 million 400 müň tonna bugdaý öndürmek meýilleşdirilýär

23:1914.08.2020
0
6653

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 14-nji awgustda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Oňa laýyklykda, 2020-nji ýylda Türkmenistan boýunça 690 müň gektara güýzlük bugdaý ekiler we şonça meýdandan 1 million 400 müň tonna galla hasylyny almak meýilleşdirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanda 2021-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakyndaky» Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi we bu babatda öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň