Soňky habarlar

Arhiw

Lebapda 90 müň tonna golaý ýeralma öndürildi

18:4314.08.2020
0
5075

Üstümizdäki ýylyň geçen ýedi aýynda Lebap welaýatynda ýeralmanyň 89,6 müň tonnasy öndürildi. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 9 müň tonna golaý önüm köpdür ― diýip, «Jeyhun.news» ýazýar.

Şeýle üstünlik pudaga döwlet tarapyndan uly goldawyň berilmegi, daýhanlaryň netijeli zähmet çekmäge höweslendirilmegi arkaly gazanyldy.

Ýer eýeleri häzirki günlerde giçki ýeralmany ekmek we olara ideg etmek işlerini utgaşykly alyp barýarlar. Şu möwsümde welaýatda bu ekin 1100 gektar meýdana ekilip, ondan 15,4 müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň