Willian Londonda galdy

17:5214.08.2020
0
813

Londonyň “Çelsi” toparyndan gaýdan braziliýaly futbolçy Willian şäheriň başga bir kluby “Arsenal” bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşdy. Başgaça aýdylanda, ol Londonyň merkezinden demirgazygyna geçdi. 32 ýaşly oýunçynyň transferi bilen baglanyşykly “Arsenalyň” tälimçisi Mikel Arteta “Tüýs bize gerek oýunçy, biziň oýnumyza şowly goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn” diýdi. Karýerasyna ýurdunyň “Korintians” klubunda başlan Willian soňlugy bilen, “Şahtýor Donesk” we “Anži” klublarynda oýnady. 2013-nji ýylda “Çelsiniň” hataryna goşulan Willian täze toparynda 12-nji belgili köýnekçäni geýer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň