“Huawei”-niň 3 kameraly smartfonlary ýokary hilli suratlary düşürmäge niýetlenen

17:2814.08.2020
0
1166

Meşhur elektronika öndürijisi “Huawei” müşderileri öz önümleri bilen haýran galdyrýar. Şereketiň “Y8P” we “Y6P” telefonlary hem iň garaşylýan smartfonlarynyň biridir. “Huawei” “Y8P” inçeden ykjam “akylly” enjamlara degişli. Enjamyň 4000 mAs-lyk batareýi 1,5 güne ýeter. Galyňlygy 7,7 mm deň bolan ýukajyk “Y8P” görnüşine birinji gezek “OLED” kysymly 6,3 dýuýmlyk ekerany goýuldy.

Telefonyň 3 kamerasy ýokary hilli suratlary düşürmäge mümkinçilik berýär. Smartfonyň esasy kamerasy 48 Mp kuwwatlylyga eýedir. Ikinji kamera 120 gradus töwerekleýin surata düşürmäge niýetlenilen. “Y6P” modeli bolsa 5000 mAs güýçlülikdäki batareýasy, sesi we tiz zarýad berijisi bilen alyjylaryň ünsüni özüne çeker.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň