Soňky habarlar

Arhiw

“Polar” şereketi “Unite” sport sagatlarynyň önümçiligini ýola goýdy

17:1014.08.2020
0
923

“Polar” şereketiniň önümleriniň sanawyna täze “Unite” sport sagatlary goşuldy. Daşky owadanlygy boýunça sagatlar birbada gymmat görünse-de, “Fitbit” we “Garmin” sagatlary bilen deňeşdirilende, ol örän elýeterlidir. Bu täze önümiň ekranynyň ölçegi 1,22 dýuým, mümkinçiligi bolsa 240x240 piksele deňdir. Sagady dakynyp suwda ýüzüp we suwa çümüp hem bolýar, onuň batareýasy bolsa 50 sagatdan 4 güne çenli işläp bilýär. Türgenleşik wagty ony akylly telefonlarymyza çatyp, onda GPS işledip, sport hereketleriniň birnäçesine gözegçilik edip bolýar. Şeýle-de bu ajaýyp sagatlarda tälimçi režimi, kaloriýa we uka gözegçilik etmek, “Serene” dem alyş gönükmelerini görkezmäge ukyby hem bardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň