“Range Rover” şereketi “Defender” kysymly ulaglary üçin sargytlary kabul etmäge başlady

17:0414.08.2020
0
771

Kuwwatly awtoulag öndüriji şereket bolan “Range Rover” kompaniýasy dünýäde uly isleg bildirilýän “Defender” kysymly ulaglary üçin sargytlary kabul etmäge başlady. Bellenilişi ýaly, daglyk ýerlerde we şäherde sürmäge niýetlenilen ulagyň satuwy güýz paslynda başlanylar. Ulagda diodly çyralar ornaşdyrylypdyr. Awtomobil 200 we 240 l.s-lyk dizel hem-de 6 silindrli 400-lik benzin hereketlendirijiler bilen üpjün edilipdir. Olar ýumşak gibrid tehniki usul arkaly ulagyň sazlaşykly işlemegine şert döreder. Bu bolsa ulaga dürli ýagdaýlardan ygtybarly netije çykarmaga mümkinçilik berer. “Range Rover Defender” ulagy iki görnüşde, ýagny “SE” we ýokary hilli “HSE” görnüşlerde öndüriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň