Soňky habarlar

Arhiw

“Xiaomi” karting ulagyny satuwa çykardy

18:2313.08.2020
0
916

Dürli görnüşli elektron enjamlary taýýarlaýan “Xiaomi” kompaniýasy “Ninebot GoKart Pro Lamborghini Edition” atly karting ulagyny satuwa çykardy. Ilkinji nobatda hytaýly müşderilere ýetirilen ulagyň bahasy 1000 ýuan (1 440 dollar). 16-njy awgustdan başlap müşderilere ýetiriljek ulag sport ulaglaryny öndüriji “Lamborghini” bilen bilelikde taýýarlanypdyr. Sary reňkli “Lamborghini” logoly ulag   beýleki karting ulaglaryndan has owadan görünýär. 432 watt kuwwatynda elektrik energiýasy bilen işleýän motor oturdylan ulag drift üçin örän amatlydyr.  Rahat we howpsuzlygy bilen tapawutlanýan ulagyň öň tarapynda urgyny azaldyjy ýumşak abzal oturdylypdyr. Önümiň beýleki ýurtlara iberiljek wagty mälim edilmedi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň