Soňky habarlar

Arhiw

Iň çalt zarýad bermek tehnologiýasy bolan smartfonlar yglan edildi

18:0613.08.2020
0
1274

“Android Authority” neşiriniň hünärmenleri tarapyndan geçirilen gözlegde iň çalt zarýad bermek tehnologiýasy bolan smartfonlar ýüze çykaryldy. 

Reýtingiň birinji ýerinde şereketiň 2018-nji ýylda döredilen “Realme X5 Pro 5G” smartfony ýerleşdirilipdir.  Enjamyň esasy aýratynlygy “Snapdragon 865” ösen prosessory, 90 gerslik AMOLED displeý we 65 wattlyk çalt zarýad bermek tehnologiýasydyr. Smartfon 4200 milliamper/sagat kuwwatly batareýa 33 minutlap doly energiýa bilen zarýad berýär. 

Reýtingiň ikinji ýerinde “Oppo Find X2 Pro” enjamy ýerleşdirilipdir. Bu enjamy doly zardýadlamak üçin 43 minut gerek bolýar. “Xiaomi Mi 10 Pro” enjamy üçünji ýeri eýeledi. Bu enjam 46 minudyň içinde 100 göterim energiýa ýygnaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň