Soňky habarlar

Arhiw

Şwesiýada elektromobillere hereketde zarýad berýän elektrikleşdirilen köçeler peýda bolar

17:5613.08.2020
0
1213

Şwesiýada elektromobillere hereketde zarýad berýän elektrikleşdirilen köçeleriň işe girizilmegine garaşylýar. Şu ýylyň awgust aýynyň başyndan bäri Ysraýyl döwletiniň “Electreon Wireless” şereketi özüniň taslamasyny iş ýüzünde barlap görýär. 

Meýilnama görä, ýurduň paýtagty Tel-Awiwden demirýol duralgasyna çenli 2 km we Şwesiýanyň “Gotland” adasynda şäherden uçar duralgasyna eltýän 4 km elektrikleşdirilen ýol çekiler. Taslamanyň bahasy, takmynan, 12 million amerikan dollaryna barabardyr. Eger taslama başa barsa, ýurtda müňlerçe kilometr elektrikleşdirilen ýollar gurlar. Bu ýoly gurmak üçin ýoluň üstki gatyny magnit tegekleri bilen örtmeli.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň