Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmennebitgeofizikada» 47 million manatlyk iş edildi

10:2713.08.2020
0
4843

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň hünärmenleri ýylyň geçen ýedi aýynda 47 million manatlyga golaý işi özleşdirip, bellenilen meýilnamany 122,1 göterim amal etdiler ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Şeýlelikde, bellenilen meýilnama 122,1 göterim berjaý edildi.

Nebit-gazly ojaklardaky gazylan we burawlaýyş işleri alnyp barylýan guýularda ýeriň geofiziki gatlaklaryny içgin öwrenmek, takyklanylan önümli gatlaklarda zerur bolan halatynda, partlaýyş işlerini amala aşyrmak ýaly gaýragoýulmasyz işleriň onlarçasy hut şu müdirligiň geofizikleriniň paýyna düşýär. Anyk kesgitlemeleri talap edýän bu möhüm işlerde müdirligiň Balkanabatdaky barlaghanalary, şeýle hem kuwwatly, döwrebap awtoulaglarda oturdylan ýöriteleşdirilen kämil barlaghanalar netijeli peýdalanylýar.

Gazanylan üstünlikde müdirligiň Hazar şäherindäki we Ekerem şäherçesindäki senagat-geofizika ekspedisiýalarynyň, Balkanabatdaky kompýuter-tehnologik hem-de ýokary tehnologik enjamlary ornaşdyryş ekspedisiýalarynyň mynasyp goşantlary bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň