Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti kazylary wezipä belledi

23:5012.08.2020
0
13206
Türkmenistanyň Prezidenti kazylary wezipä belledi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda» Permana gol çekdi.

«Kazyýet hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 54-nji, 56-njy, 72-nji, 73-nji we 83-nji maddalaryna laýyklykda,

Seýitjan Pirkulyýewiç Ýaňybaýew Ahal welaýatynyň Sarahs etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenilip, ol Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşadyldy;

Serdar Rozymyratowiç Allakow Ahal welaýatynyň Tejen etrap, şäher kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellenildi we oňa bäşinji hünär derejesi berildi;

Göwher Çaryýewna Eşanowa Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellenildi we oňa bäşinji hünär derejesi berildi;

Döwran Gurbanow Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenildi we oňa bäşinji hünär derejesi berildi;

Gurt Amandurdyýewiç Gurbandurdyýew Ahal welaýatynyň Sarahs etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň