MLS-de “Portland Tombers” çempion boldy

20:0012.08.2020
0
859

Amerikanyň futbol çempionaty MLS-de çempion belli boldy. Kowid – 19 sebäpli Orlandodaky “Disneyworld”-da geçirilen çempionatyň pleý-off tapgyrlaryndan soň, finalda “Portland Timbers” bilen “Orlando Siti” duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda “Portland Timbers” 2–1 hasabynda ýeňiş gazanyp, 5 ýyldan soň, çempionlyga mynasyp boldy. Ýeňiş gazanan toparyň gollaryny Mabiala (27) bilen Zupariç (66) derwezä girizdi. “Orlandonyň” ýeke-täk goluny bolsa, 39-njy minutda Pereýra tora saldy.

MLS-iň şu möwsümi 45 günde “Disneyworld”-da oýnalan 51 duşuşyk bilen tamamlandy.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň