UEFA Çempionlar ligasynda täze çempion ýüze çykarmy ýa-da...

19:4612.08.2020
1
6878

Ähli futbol janköýeriniň biragyzdan iň gowy futbol bäsleşigi diýip kabul edýän ýaryşy UEFA Çempionlar ligasynda möwsüm ahyrlap barýar. Aslynda bir eýýäm gutarmaly möwsüm hemmä mälim bolan “kowid – 19” zerarly az-owlak gijikmeli boldy. Şu gün çärýek finalyň duşuşyklaryna badalga berler. Şol mynasybetli toparlaryň 8-si Portugaliýanyň paýtagty Lissabona jemlendiler. Häzirki wagtda 8 toparyň 2-si Germaniýadan, 2-si Ispaniýadan, 2-si Fransiýadan bolup, italýanlar hem-de iňlisler 1 klub bilen wekilçilik edýärler. Ýöne esasy bellemeli zatlaryň biri şol 8 toparyň 6-sy ozal bu ýaryşda çempionlyk gazanyp görmändi. Çempionlyk gazanan, has takygy, hersi 5 gezek çempion bolan “Barselona” bilen “Bawariýanyň” hem özara bije çekişmegi, şol nukdaýnazardanam, täze çempionyň ýüze çykmak mümkinçiliginiň bolmagy janköýerlerde azda-kände hem bolsa tolgunma döretdi. Bulardan başga-da kubogy ozal telim gezek alan “Real Madrid”, soňky çempion “Liwerpul”, “Serie A”-nyň güýçli wekili “Ýuwentus” ýaly klublaryň wagtyndan ir, iň gowy 8 toparyň arasyna goşulyp bilmän ýaryşdan çykmagy, olaryň ornuna “Atalanta”, “Leipsig”, “Lion” ýaly klublaryň bolmagy bäsleşige täze öwüşgin çaýýar...  

Häzirki ýagdaýda finala çykjak 1 toparyň gürrüňsiz ozal çempion bolup görmedik klub boljakdygy anyk. Hatda beýleki bir tarapdanam “Mançester Sitiniň” “Liondan” soň ýarym finalda “Barselonadyr” “Bawariýanyň” haýsy hem bolsa birini ýaryşdan çykaryp biljek topardygy bellenilýär. Her näme-de bolsa, ikisi-de Pep Guardiolanyň ozalky toparlary. Ýöne elbetde ilki “Mançester Sitiniň” “Liony” geçmegi gerek. Ýöne ýene bir zady belläp geçsek, Çempionlar ligasynda umuman alanyňda, 1956-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýän bu ýaryşda şu wagta çenli diňe 22 topara kubogy gazanmak başartdy. Başgaça aýdylanda, ýaryş täze çempiony o diýen halap baranok diýsek öte geçdigimiz bolmaz. Ýaryşda iň soňky gezek täze çempion 2012-nji ýylda hasaba alnyp, şol ýyl “Çelsi” kubogy eýeläpdi. Ondan ozal bolsa, 1997-nji ýylda “Borussiýa Dortmund” ýaryşyň täze çempiony bolmagy başarypdy. Ýöne bu möwsüm ähli zatda bolşy ýaly, bu ýaryşda-da ýagdaý başgaçarak dowam edýär. Şol sebäpli täze çempionyň ýüze çykmagy-da gaty ahmal. Duşuşyklaryň diňe 1 oýundan ybarat bolmagy-da ýaryşyň dartgynyny, gyzygyny has hem artdyrýar. Biz janköýerlere-de şu günden başlap, her gün 1 çärýek final duşuşygyna we ondan soňky 3 aýgytlaýjy oýna teleýaýlym arkaly tomaşa edäýmek galýar...

(sport žurnalistiniň syny)

 

Çärýek finalyň oýunlary

12-nji awgust: Atalanta – Pari-Sen Žermen     

13-nji awgust: Leipsig – Atletiko Madrid

14-nji awgust: Barselona – Bawariýa

15-nji awgust: Mançester Siti – Lion

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
arslan_xo ( 13.08.2020 )

опечатка там у вас в конце 13-14 августа повторились клубы. 14 августа бавария с барсой будут играть!

0