Soňky habarlar

Arhiw

Dünýäniň ilkinji 5G planşeti

18:4412.08.2020
0
975

“Samsung” kompaniýasy täzeçil harytlary öndürmegi bilen meşhurdyr. Koreý brendi dünýäde ilkinji bolup, 5G aýratynlygy bolan planşeti taýýar etdi. Enjama klawiatura dakylanda adaty ýankompýuter ýalyrak uly bolýar. “S Pen” galamy bolsa çyzuw bilen meşgullanýan hünärmenleriň işini ýeňilleşdirýär. Aýyň başynda “Galaxy Tab S7” hem-de “Galaxy Tab S7 Plus” planşetlerini tanyşdyran kompaniýa bu enjamynyň mahabatyny taýýarlady. “Galaxy Tab S7”-iň 2.560 x 1.600 piksel durulygynda 11 dýuýmlyk 120 Hz LCD ekrany bar. “Snapdragon 865 Plus” mikroprosessory oturdylan planşetiň içki ýadyny microSD karty arkaly 1 TB-a çenli giňeltmek mümkin. Enjamyň yz tarapynda 13 megapiksel durulygynda esasy kamera bilen bir hatarda 5 megapiksel durulygynda surata alýan F2.2 ultragiň kamera ulgamy oturdylypdyr. 7.040 mA/sagat kuwwatly batareýa oturdylan planşetiň selfi kamerasy 8 megapiksel durulygynda. Enjamlaryň gara, kümüşsöw we bürünç reňkli görnüşleri bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň