Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň daşary işler ministri Owganystanyň Merkezi bankynyň ýolbaşçysy bilen wideomaslahat geçirdi

18:4012.08.2020
0
5171

12-nji awgustda wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow Owganystan Yslam Respublikasynyň Merkezi bankynyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Ajmal Ahmadi bilen wideomaslahat aragatnaşygy görnüşinde gepleşikler geçirdi ― diýip, TDH habar berýär.

Gepleşikleriň barşynda hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlary, şol sanda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Iki ýurduň wekiliýetleriniň dürli meýdançalarda geçiren duşuşuklarynyň netijeliligini hem-de derwaýyslygyny aýratyn nygtamak bilen, taraplar Türkmenistanyň we Owganystanyň oňyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem dowam etmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Hususan-da, söhbetdeşler goňşy Owganystanyň dünýäniň durnuklylyk ulgamyna köpugurly integrirlenmegine gönükdirilen köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň has hem işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyna üns çekdiler.

Bu ugurda taraplar TOPH gaz geçirijisiniň we TOP elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň, Lýapis-Lazuli ulag geçelgesiniň, şonuň ýaly-da beýleki taslamalaryň durmuşa geçirilişi boýunça pikir alyşdylar. Mälim bolşy ýaly, sebitleýin ähmiýete eýe bolan bu taslamalar Owganystanyň çäginden üstaşyr geçirmek arkaly Günorta Aziýa ýurtlaryna elektrik energiýasynyň eksport edilmegi üçin mümkinçilikler we bitewi logistika merkezi bilen utgaşdyrylan ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ugrunyň giňeldilmegi üçin zerur şertler döredýär.

Duşuşyga gatnaşyjylar ýokarda görkezilen taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň tutuş sebitiň durnukly ykdysady ösüşine itergi bermek bilen, durmuş we ynsanperwer häsiýetli meseleleriň oňyn çözülmegine, parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýändigini aýratyn nygtadylar. Hususan-da, täze iş orunlarynyň döredilmegi netijesinde ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, şol sanda energetika, ulag-kommunikasiýa we üstaşyr-logistika ugurly talabalaýyk infrastrukturanyň döredilmegine mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň