“Apple”-iň täze bäsdeşi Ýewropa bazaryna çykdy

18:0412.08.2020
0
1326

“Apple” şereketiniň akylly sagat bazarynda täze bäsdeşi “Oppo Watch” Ýewropa bazaryna çykdy. Şu ýylyň mart aýynda Hytaýda dörän “Oppo” şereketiniň sagatlary Android operasion ulgamynda işleýän sagatlaryň içinde iň gowy görnüşleriniň biridir. Sagatlar aýlawly gidýän “AMOLED” ekeranlary bilen üpjün edilip, onuň çalşyrylýan iki görnüşli ekerany bar. Ekeranlaryň ölçegi 320x360 piksel durulykda 1,6 dýuým we 1402x476 piksel durulykda 1,91 dýuýmlydyr. Sagat “Snapdragon Wear 2500” ulgamda işleýär we “Apollo 3” mikroçipler bilen güýçlendirilendir. Bu akylly sagatlaryň 1 Gb operatiw ýady we 8 Gb hemişelik ýady bardyr. Öndürijileriň aýtmagyna görä, bu sagatlar hemme funksiýalary işjeň ulanylanda 40 sagatlap işlemäne ukyply bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň