Soňky habarlar

Arhiw

Elektroulaglaryň täze nesli

18:0012.08.2020
0
866

Oýlap tapyjy Stiw Fambro elektroulaglaryň tok çeşmesini çydamlylygy bilen bagly bolan meseläni çözmek üçin “Aptera” awtoulagyny işläp düzdi. Bu ulagyň üsti dolulygyna Gün panelleri bilen örtülendir, ol bolsa öz gezeginde ulagyň bir doly akkumulýatorda geçip biljek aralygyny uzaldýar. Ýaşaýan ýeriňiziň nähili güneşlidigine baglylykda täze awtoulag 800 km-den 1600 km-a çenli aralygy bir doly zarýadynda geçip bilýändir. Awtoulag gurluşy boýunça ýeňil, aýredinamikanyň hemme kadalaryna görä ykjam we şäher gurşawynda ulanmak amatly bolar. Ulag 0-dan 60 km/sag tizlige 4 sekuntda galyp bilýär. Apteranyň ýeňildigine garamazdan, awtoulag öran howpsuzdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň