Soňky habarlar

Arhiw

“Apple” şereketi işjeňleşýär

17:5612.08.2020
0
562

Aragatnaşyk tehnologiýasy dünýäsiniň iň garaşylýan smartfonlarynyň “Iphone 12” bolup durýanlygy hemmä mälim bolsa gerek. Bu ajaýyp önümiň telefon bazaryna biziň garaşýan wagtymyzdan irräk gelmeginiň ähtimallygy ýokarydyr. Häzirki wagta çenli bu telefonlaryň oktýabrda çykmagyna garaşylyp ýördi, emma indi bu önümleriň sentýabryň 8-inde satuwa çykarylmagyna garaşylýar. Şol bir wagtyň özünde Iphone 12 bilen bir hatarda Apple watch, AirPower we iPad-yň satuwa çykarylmagy mümkin. Täze bazara çykmaly önümleriň ikinji tapgyry güýzüň soňuna meýilleşdirilýär. Ikinji tapgyrda kärhana iPad Pro we Intel prosessorlary bilen birlikde ARM çiplerinde işleýän has kuwwatly Apple komýuterleri öndüriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň