Geljegiň elektroulaglary

17:5112.08.2020
0
1035

Belli telekeçi Ilon Mask “Tesla Model 3”-iň üstünde işlenip ýören döwründe inženerlere ulagyň üçeginde Gün panellerini goýmagy teklip edipdir. Tehnologiýanyň ulanyşa ýaramsyzlygy sebäpli bu teklip ret edilipdi. Emma häzirki wagtda Gün panelleri ulagyň depesinde ýerleşdirmek mümkindir we Gollandiýanyň “Lightyear” şereketi ony durmuşa ornaşdyrmak bilen meşgullanýar. Geçen ýylyň dowamynda “Lightyear” kompaniýasynyň täze ulagy 752 km-e çenli özbaşdak ýöräp bilipdir. Bu ulaglar diňe bir akkumulýatordan däl, eýsem, ulagyň üstünde gurnalan Gün panelleriniň hasabyna hem goşmaça energiýa alyp biler. Häzirki wagtda tehnologiýanyň barlagy “Tesla Model 3” we “Volks wagene-Crafter” ulaglarynyň mysalynda Gollandiýanyň köçelerinde amala aşyrylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň