Noutbuklar üçin 5G modem görkezildi

17:4612.08.2020
0
923

Geçen ýyl noutbuklar üçin 5G modemi döretmeklik üçin hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çeken “MediaTek” we “Intel” şirketleri hyzmatdaşlygyň netijesinde “MediaTek T700 5G” modemini görkezdiler. Öndürijiniň bellemegine görä, çip hakyky ssenariýalarda köp synagdan geçdi we onuň taýýarlanmasy soňky tapgyra degişlidir. Mundan başga-da, bu modem bilen enjamlaşdyrylan ilkinji noutbuklaryň çykarylan senesi yglan edildi. 

Deslapky maglumatlara görä, noutbuklar 6 GHz ýygylyk diapazonyndan aşakda awtonom bolmaýan (NSA) hem-de awtonom arhitehturasy bolan 5G ulgamyny goldaýan “MediaTek T700 5G” modemine esaslanar. Çipiň başga bir artykmaçlygy, onuň energiýa netijeliligi bolup durýar. Modemiň synagyň ösüş we dizaýn ýaly esasy tapgyrlaryndan geçendigi, şeýle hem hakyky 5G örtüginde synagdan geçirilendigi bellendi. 

“Intel” we “MediaTek” çipleri bolan ilkinji kompýuterleriň 2021-nji ýylyň başynda çykmagyna garaşylýar. 5G mümkinçilikli noutbuklary görkezmeklik üçin potensial kompaniýalaryň arasynda “Dell”-i we “HP”-i saýlamaklyk bolar. Ýakynda hödürlenen “Dell Latitude 9510 2-in-1”, “HP Elite Dragonfly G2” we “Lenovo Flex 5G” modellerinde “Qualcomm” şereketiniň 5G modemleri ulanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň