Soňky habarlar

Arhiw

“Apple” şereketi armyt haryt nyşanynyň üýtgedilmegini isleýär

17:3512.08.2020
0
718

“Apple” şereketi bir nahar bişirmek programmasynyň nyşanynyň ulanylmagyna garşy jedelli bellik iberdi. “Prepear” ýa-da armyt diýlip atlandyrylýan multifilm görnüşindäki miwe nyşanynyň “apple”-iň şahsy alma nyşany bilen gaty meňzeşligi bar.

Kompaniýa, armyt nyşanynyň özüni “Apple” nyşanyndan tapawutlandyrmagynyň öňüni alýan häsiýetleriniň bardygyna ynanýar. Bu ýagdaýda ulanyjylara “Prepear” bilen “apple” önümlerini we hyzmatlaryny tapawutlandyrmaklyk kyn bolup biler. Kompaniýa munuň Lanham kanunyna ters gelýändigini aýdýar.

“Prepear” programmasy ulanyjylara reseptleri saklamaga, tertipleşdirmäge we ýörite menýulary döretmäge mümkinçilik berýär. Armyt şekilli haryt nyşanynyň ýokary sag burçunda bir ýaprak bar.

Kompaniýa häzirki wagtda “Prepear” söwda markasynyň nyşanynyň red edilmegine garaşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň