Soňky habarlar

Arhiw

Aňyrsy görünýän telewizor

17:2512.08.2020
0
594

Döredilenine 10 ýyl bolan “Xiaomi” kompaniýasy bu şanly senä bagyşlap, birnäçe täze harytlary taýar etdi. Şolaryň iň täsini bolsa aňyrsy görünýän telewizordyr. “Mi TV Lux Transparent Edition” atly telewizor dünýäde köpçülikleýin önümçiligi ýola goýlan ilkinji dury telewizordyr. Ululygy 55 dýuýma barabar bolan telewizoryň OLED ekranynyň galyňlygy 5,7 mm. Haýsy ýurtlarda satuwa çykaryljakdygy entek mälim edilmedik telewizoryň bahasynyň 7100 dollardygy aýdylýar. Geçen ýyl “Panasonic”, 2017-nji ýylda LG we 2016-njy ýylda “Samsung” kompaniýalary aňyrsy görünýän telewizor öndüripdi. Emma olar nusgalyk görnüşde öndürilip, köpçülikleýin önümçiligi ýol goýulmandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň