Ulag serişdeleriniň hereket tiziligi bilen bagly käbir meseleler

14:0212.08.2020
2
79401
Ulag serişdeleriniň hereket tiziligi bilen bagly käbir meseleler

“Türkmenportalyň” redaksiýasy  gelip gowuşýan ýüztutmalar, şeýle-de ulag serişdeleriniň hereket tizligi bilen bagly sowallar boýunça degişli düzümleriň hukukçylary bilen maslahatlaşyp, okyjylaryna şulary mälim etmegi makul bildi:

Birinjiden, Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda Kodeksiniň 214-nji maddasynyň birinji bölegine laýyklykda, bellenilen hereket tizliginiň ulag serişdelerini sürüjiler tarapyndan sagatda 10 kilometrden ýokary bolmadyk derejede artdyrylmagy üçin duýduryş berilmegine getirýär, ýagny sürüji 10 km/sag çenli tizligini ýokarlandyran halatynda oňa duýduryş yglan edilýär.

Ikinjiden, şu hukuk kadasy 2019-njy ýylyň 30-njy noýabrynda kabul edilip, 2019-njy ýylyň 13-nji dekabrynda herekete girizilen we häzirki wagtda çenli hereket edýär.    

Mysal üçin, 60 km/sag hereket tizlik bilen etmeli ýerde 70 km/sag hereket tizligi bilen hereket eden awtoulagyň sürüjisine duýduryş berilýär. 71 km/sag hereket eden sürüjä 50 (elli) manat jerimesi salynýar.

Şunuň bilen birlikde, ýokardaky görkezilen Kodeksiň 43-nji maddasyna laýyklykda, duýduryş administratiw temmisiniň bir görnüşi bolup, fiziki ýa-da ýuridik şahslara bikanun hereketleriň ýol berilmesizligini resmi taýdan ýatlatmak çäresi bolup durýar.

Hormatly sürüjiler, bellenilen hereket tizliginiň talaplaryny berjaý etmegiňizi maslahatyny berýäris.  Çünki ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy!

Şulary hem okamagy maslahat berýäris:

Sürüjileriň sürüjilik şahadatnamasyny almagyň we yzyna gaýtarmagyň hukuk esaslary.

Aşgabatda ulaglaryň ortaça tizligini anyklaýan ulgam ornaşdyryldy

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
DurdYMERET ( 14/08/2020 )

Хм всеравно вопросов очень много!чем ответов :-)

4
Batyrhan ( 02/09/2020 )

А если предупреждение несколько раз, что будет???

0