Arhiw

AFK Dünýä çempionatynyň we Aziýa kubogynyň saýlama duşuşyklaryny 2021-nji ýyla geçirdi

11:4112.08.2020
0
5480
AFK Dünýä çempionatynyň we Aziýa kubogynyň saýlama duşuşyklaryny 2021-nji ýyla geçirdi

Aziýanyň Futbol konfederasiýasy şu gün resmi saýtynda milli ýygyndylaryň arasynda Dünýä çempionaty ― 2022-niň we Aziýa kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyrynyň çäginde oktýabr we noýabr aýlarynda geçirilmegi meýilleşdirilen duşuşyklaryň 2021-nji ýyla süýşürilendigini habar berdi.

Köp ýurtlarda koronowirus bilen bagly ýagdaýlary göz öňünde tutup, iki halkara ýaryşyň guramaçylyk toparynyň bu karara bilelikde gelendigi aýdylýar. AFK milli ýygyndylaryň arasynda 2021-nji ýylda geçiriljek duşuşyklaryň anyk seneleri barada ýakyn günlerde habar bermekçi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Aziýa boýunça saýlama ýaryşlaryň «H» toparçasyna wekilçilik edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň