Arhiw

«Datly şerbet» bir aýda 2 müň tonna kagyz guty öndürýär

11:1912.08.2020
0
1156

Ma­ry et­ra­by­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýän «Tä­ze aý önüm­le­ri» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň «Dat­ly şer­bet» hu­su­sy kär­ha­na­synyň ýa­nyn­da gur­lan önüm­çi­lik bi­na­syn­da ga­ty, ga­lyň ka­gyz­dan dür­li gör­nüş­li we dür­li öl­çeg­dä­ki gu­tu­la­ry ön­dür­mek ýo­la go­ýul­dy ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Bu önüm­çi­li­giň işe gi­ri­zil­me­giniň netijesinde, kär­ha­na döw­re­bap, gö­ze ge­lüw­li ka­gyz gu­tu­la­r bi­len do­ly üp­jün edil­ýär. Tä­ze kär­ha­na­nyň bö­lüm­le­ri dün­ýä­niň ösen döw­let­le­ri­niň kuw­wat­ly ka­gyz iş­läp be­jer­ýän teh­no­lo­gi­ýa­lar top­lu­my­na eýe­dir. 3 we 5 gat­dan yba­rat dür­li öl­çeg­dä­ki ga­ty ka­gyz­la­ryň aý­da 2 müň ton­na­sy ön­dü­ril­ýär. Ýo­ka­ry hil­li bu ka­gyz­dan 3 reňk­de ýaz­gy ýa­zy­lan gu­tu­lar taý­ýar­lanyl­ýar.

Hu­su­sy kär­ha­na­da taý­ýar­la­nyl­ýan gu­tu­lar azyk, se­na­gat we oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ýer­leş­dir­mek­de amat­ly­dyr. Ka­gyz gu­tu­la­ry­ň köp­çü­lik­le­ýin ön­dü­ri­lip baş­lan­ma­gy kär­ha­na­nyň bu önü­mi baş­ga ýer­den sa­tyn al­mak zerurlygyny ara­dan aýyr­ýar. Döw­re­bap we ýo­ka­ry hil­li ka­gyz gu­tu­la­ry­ bu kär­ha­na müşderileriň, şol sanda beýleki kärhanalaryň bu­ýur­ma­la­ry esa­syn­da hem taý­ýar­lap ber­ýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň