Soňky habarlar

Arhiw

“iPhone 12” barada täze maglumatlar aýan edildi

18:5911.08.2020
0
1406

“iPhone 12” komponentlerini öndürijiler önümçilik kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz boldular. Bu barada “MacRumors” neşiri üçin öz hasabatynda Min-Çin Ko ýazdy. Hünärmen, iPhone üçin kamera linzalaryny üpjün edijilerinden biri bolan “Genis Electronic Optical” (GEO) korporasiýasynyň önüminiň gözden geçirilişinde kynçylyk çekendigini aýtdy. Ol gözden geçirilişiň  dowamynda linzalaryň aýnasynyň ýokary temperaturada we çyglylykda ýarylyp başlandygyny ýüze çykardy.  Ýüze çykan bu mesele bolsa diagonaly 5,4 we 6,1 dýuýmlyk kiçi “iPhone 12” enjamy üçin üpjün edilen giň burçly datçigiň örtügine täsir edipdir. 

Hiline gözegçilik etmeklik boýunça geçirilen gözden geçirilişiň şowsuzlygy smartfonlaryň bazardaky müşderilerine täsir etmez. Çünki, “Apple” kompaniýasy başga bir linza öndüriji “Largan” şirketi bilen hem hyzmatdaşlyk edýär.  Min-Çin Ko ABŞ-nyň “GEO” korporasiýasynyň öz sargytlarynyň bir bölegini “Largan” şirketine geçirjekdigine ynanýar. Diagonaly 5,4 we 6,1 dýuýmlyk standart “iPhone 12” enjamlarynyň köpçülikleýin önümçiligi awgust aýynyň ortalarynda başlar. Gurnamak işleri bolsa sentýabryň ortalaryndan oktýabr aýynyň başyna çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň