Soňky habarlar

Arhiw

“Facebook” şirketi “TikTok” hyzmatynyň analogyny Instagramda açdy

18:5611.08.2020
0
940

ABŞ-nyň “Facebook” kompaniýasy instagramda “TikTok”-a meňzeş “Reels” hyzmatyny hödürledi. 

“Instagramda gysga gyzykly wideolary döretmek we tomaşa etmek üçin täze “Reels” hyzmatyny hödürledik” – diýlip “Facebook”-dan berlen beýanatda aýdylýar. Maglumata görä, 15 sekuntlyk wideo düşürmek üçin instagramyň ykjam programmasynda kamerany açmaly, ondan soňra aşakdaky panelden degişli funksiýany saýlamaly. Wideolaryň awtorlary dürli wideo redaktirleme gurallaryna we sazlaryň katalogyndan ses ýazgylaryna girip bilerler. 

“TikTok” hyzmatynda bolşy ýaly, instagram “Reels”-däki wideolar-da sosial ulgam ulanyjylary üçin hem gizlin, hem-de açyk bolup biler. Mundan başga-da, programma taýyn wideolary hem ýükläp bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň